SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ylmy ugurda alnyp barylýan gatnaşyklary ösdürmekden we berkitmekden ybarat boldy. Taraplar akademiki işleri ulgamynda öz ýurtlarynda alnyp barylýan özgertmeler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdylar. Duşuşykda Ilçi şu...
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar yzygiderli syýasy gepleşiklere, ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, energiýa, ulag çygrynda özara ýakyn gatnaşyklaryna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaş...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minszin ýolbaşçylygyndaky HHR-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan toplumlaýyn çemeleşme...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň kompaniýasy “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” bilen duşuşyk geçirdi
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da Arkadag şäherinde senagat desgalarynyň gurluşygyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda kompan...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netije...
“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň 6 resmi dilinde ýaýradyldy. Resminamanyň doly mazmuny bilen bellenen salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://undocs.org/home/mobile?finalsymbol=a/78/694. Resminama BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň "Parahatçylyk medeniýeti", “Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak”, “Merkezi Aziýa p...