BELGIÝANYŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Brýussel şäherinde Ilçi S.Pälwanowyň Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bu çäräniň dowamynda Ilçi Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Belgiýanyň Patyşasy Filipp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa öz iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.