TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar.

Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti barada aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler maýa goýumlary we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Katar Döwletiniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maýa goýum taslamalary boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Katar Ösüş Bankynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar maliýe we bank ulgamlarynda aragatnaşyklarynyň ilerledilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.