TÜRKMENISTANYŇ GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINI MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hodjamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdylar.

Hökümet Baştutanlary dar we giňeldilen formatda geçirilen ýygnaklaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatlaryň erkin söwdasy, ony döretmek, işletmek we maýa goýum goýmak baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň giňeldilen formatdaky mejlisinde gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryny geljek ýylda Belarusda geçiriljekdigi barada Belarus tarapynyň taýýarlan habary bilen tanyşdylar. Bu nukdaý-nazardan, 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA Döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň barşynda yglan eden GDA-nyň Bedenterbiýe we sport geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlarynyň utgaşdyryjy komitetini döretmek we Türkmenistanda ilkinji gezek Dostluk oýunlaryny geçirmek baradaky möhüm başlangyjyna ýygnaga gatnaşyjylaryň ünsi gönükdirildi.

Mundan başga-da, Geňeşiň mejlisiniň dowamynda GDA-nyň edaralarynyň işiniň dürli ugurlaryndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, mejlisiň dowamynda 20-den gowrak resminama tassyklanyldy we kabul edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Soçi şäherinde geçirmek kararyna gelindi.