Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň Gruziýanyň Premýer-ministri I.Garibaşwili bilen duşuşygy

img
img
img
img

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisiniň çäginde 2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Tbiliside Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I.Garibaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini, söwda dolanşygyny, senagat, ulag, ýangyç-energetika ugurlarynda özara hereketleri ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, yzygiderli geçirilýän we giňişleýin soraglary öz içine alýan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlislerine möhüm orun berilýändigini bellediler.

Taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerine nazara almak esasynda hereket edýän strategiki hyzmatdaşlygy iki ýurduň gülläp ösmegi üçin söwda we ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan ýokarlanmagynyň kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.