Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze bilen duşuşdy.

Duşuşykda medeniýet, bilim, ylym ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, özara saparlary gurnamak, bilelikdäki konferensiýalary, leksiýalary hem-de bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmek baradaky meselelerine garaldy.

 Ilçi, şu ýyl döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol rektory bu senä bagyşlanyp geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ösmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýän ylym, bilim, medeni we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek hem-de berkitmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.