Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tbilisida Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ylym we täze tehnologiýalar çygrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri we alnyp barylýan has işjeň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öz ýurtlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, akademiki ulgamda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdylar. Iki ýurduň alymlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmakda iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda öň gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem, taraplar iki ýurduň arasyndaky ylym we bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjak bilelikdäki konferensiýalary, seminarlary, forumlary geçirmegiň, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary taýýarlamagyň möhümdigini bellediler.