Taraplar Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny gruzin dilinde neşir edilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar medeni - ynsanperwer gatnaşyklary iki ýurduň arasyndaky dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
M.Gonaşwili wekiliýete Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp özüniň üstünde işlän, beýik türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilindäki terjimesini görkezdi. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysyny ýakyn wagtda gruzin dilinde neşir etmek boýunça başlangyjy bilen çykyş etdi we bu gruzin halkynyň dünýäniň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam boljakdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik we ylmy intellegensiýalarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam boljakdygyna ynam bildirdiler.