Tbiliside Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasyny gurnady.

Tanyşdyryş dabara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanandygyny bellediler. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu karar, Türkmenistanyň ýokary derejede halkara abraýyna, türkmen halkynyň adamzat medeniýetiniň ösmegine goşan goşandynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý milli medeni mirasyny öwrenmekde we giňden ýaýratmakda alyp barýan işleriniň ägirt uly ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ýene-de bir kitabyny gatnaşyjylara ýetirmek bilen, türkmen wekiliýeti kitapda türkmen ýaşlarynyň durmuş, ykdysady we medeni ugurlarynda alyp barýan işleri hem-de ýeten sepgitleri, şeýle hem mundan beýläk-de watany ösdürmek babatynda öňde goýlan wezipeleri barada aýdylýandygyny belläp geçdiler.

Şol bir wagtyň özünde, ýaşlar barada alada etmek Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan dowam etdirilýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada aýratyn nygtaldy.

Tanyşdyryş dabaranyň dowamynda, şu ýyl Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde, döredijilik mirasy milli gymmatlygyň bahasyna ýetip bolmajak we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi barada beýan edildi. Gatnaşyjylary bu möhüm senä bagyşlanan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çäreler bilen tanyşdyryldy.