Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.

2024-nji ýylyň 2–5-nji maýy aralygynda “Geljegiň köprüsi” atly bu forum Tbilisi şäherinde ilkinji gezek geçirilýär.

Oňa AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetiň we KBHS-nyň wekilleri gatnaşýarlar.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli intellekt, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meselelere seredýärler.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşini, şeýle hem 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlandygyny belläp geçmelidiris.

Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar gurnalar.