Türkmenistanyň DIM-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, medeniýet ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet-sungat işgärleriniň bilelikde işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda aýdyldy. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň gatnaşmagyndaky medeni dialogyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän Wena balyny we «Galkynyş»Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň konsertlerini görkezmek bolar.

Şeýle-de söhbetdeşler türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere awstriýa tarapynyň gatnaşmagy bilen  bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.