Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylmy we döredijilik intellegensiýa wekilleriniň duşuşygy
2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilinde neşir edilmegi boýunça onlaýn duşuşyk gurnady.
Duşuşyga türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow ýolbaşçylyk etdi. Gruzin tarapyndan bolsa Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili, Gruziýanyň “Gulani” halkara ýazyjylar, suratkeşler we jemgyýetçilik işgärleriň prezidenti, ýazyjylaryň döredijilik birleşiginiň agzasy Naira Marşaniýa hem-de Suratkeşleriň Altyn gaznasynyň terjimeler bölüminiň ýolbaşçysy Şorena Boçarişwili gatnaşdylar.
Duşuşykda taraplar dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde medeni – ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ornuny belläp geçdiler.
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny neşir etmek meselesi boýunça D.Orazsähedow beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime edendigi üçin M.Gonaşwilä minnetdarlygyny bildirdi. Bu neşiriň gruzin okyjylarynyň beýik şahyryň we akyldaryň döredijiligi bilen tanyşmaklaryna, türkmen halkynyň baý medeniýetini öwrenmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem Magtymgulynyň 300 ýyllygyny bellemekde ýene bir gymmatly goşant boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik we ylmy intellegensiýalarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmekde iki ýurduň we olaryň halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam boljakdygyna ynam bildirdiler.