Tbilisi diňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap, 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Tbilisi şäher häkimligi Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyrdy.

Tbilisi teleýaýlym diňi şäheriň ajaýyp görküni açýan Mtatsminda seýilgähiniň çäginde ýerleşýär. Ol Tbilisiniň nyşanlarynyň biri bolup, ony şäheriň ähli künjeginden diýen ýaly görüp bolýar.

Tbilisi diňiniň Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylmagy, şeýle hem 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň açylmagy iki ýurduň doganlyk halklarynyň birek-birege bolan hormatyny we dostlugyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

Tbilisi teleýaýlym diňi iki günüň dowamynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylar.