Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýada ilkinji çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Tbiliside, Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ilkinji çäre - tegelek stol geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary, medeniýet işgärleri, syýasatşynaslary we žurnalistleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýanyň açylmagy iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gepleşikleri, dostlugy we özara düşünişmegi iş ýüzünde berkitmekde ägirt uly ähmiýetini bellediler.
Olar, bu auditoriýa iki halkyň jebisleşmegine we taryhy-medeni mirasyň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýän medeni we ylmy çäreleri geçirmek üçin ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
Çäräni Gruziýanyň telewideniýesiniň “Obýektiw” teleýaýlymy tarapyndan ýaýbaňlandyryldy, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda bolsa Türkmenistanyň “Türkmenistan” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlary tarapyndan görkeziler.