img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işini başlamagy bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi.

UNRCCA bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.