Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň täsirini berkidýän, ýurtlaryň arasynda oňyn gepleşikleri saklamaga ýardam berýän möhüm gurallaryň biri hökmünde parlamentara hyzmtdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.
Taraplar, Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparyny, şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran saparyny bellediler.
Ilçi E.Bolkwadzeni ilçihana tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler bilen tanyşdyrdy, şeýle hem öňümizde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.
E.Bolkwadze hem öz gezeginde, hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi we bular ýaly çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň giňden tanalmagyna, şeýle hem iki ýurdyň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkemegine goşant goşjakdygyny aýtdy.