Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy D.Matikaşwiliniň arasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrmagynda we berkidilmeginde ýokary derejedäki saparalaryň hem-de parlamentara hyzmatdaşlygynyň wajyp ornuny bellediler.
2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň, şeýle hem iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaga we ysnyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen parlamentara dostluk toparlarynyň eýeleýän uly orny aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem taraplar iş saparlaryny we duşuşyklaryny gurnamak meselelerine seredip geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň köptaraplaýyn ugurda ýagny, halkara guramalarynynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki işjeň özara hyzmatdaşlygyny bellediler. Gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.