Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyтyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.
Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy we merkez barada giňişleýin maglumat berildi.
“Ruh-Ordo” medeniýet merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar we Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
23-nji aprelde irden Çolpon-Ata şäheriniň “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi.
Gyrgyz Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Prezident Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz Prezident Sadyr Žaparowyň 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler.
Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar – milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz atçylygyň gadymy däpleriniň umumylygyny belläp, gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge çagyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany atçylyk toplumynyň ähli işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugradylar.
Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.