Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde

photo

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.

Ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri birleşdirýän möhüm meýdança öwrüldi.

Çäräniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz halkara forumyň maýa goýumlary çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeň gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Forumyň gün tertibine ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýady, nebitgaz senagaty we beýleki pudaklarda täze maýa goýum taslamalary ýaly ugurlar boýunça möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa” atly birinji bölümçesinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat aldylar. Toplumy ösdürmegiň strategiýalarynda iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunda ýurdumyzyň energetika ulgamy üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna üns berip, Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmaga bagyşlanan bölümçäniň dowamynda ýurdumyzyň döwrebap şäher gurluşygyna, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna, onuň gadymy täjirçilik ýollarynyň gaýtadan dikeldilmeginde, “TRACECA” başlangyjy esasynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuna garaldy.

Şähergurluşyk barada aýdylanda, durnukly ösüşiň nusgasy bolup durýan Arkadag şäheriniň innowasion taslamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekmek zerurdyr. Häzirki wagtda bu “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam edýär.

Durnukly geljegi döretmekde arassa energiýanyň ähmiýetine bagyşlanan pikir alyşmalaryň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça hereketlerde işjeň orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň ekologiýa jogapkärçilikli çemeleşmäge ygrarlydygy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy. Onda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigi yglan edildi.

Şoňa görä, forumda metan zyňyndylaryny hem-de kömürturşy gazyny azaltmak boýunça tagallalaryň çäklerinde pul serişdelerine öwrüp boljak uglerodlaryň syzylyp çykmagynyň öňüni almak, peýdalanmak we saklamak ýaly ugurlarda innowasion çözgütleriň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zyýanly zyňyndylary azaltmaga, ählumumy howa maksatlaryna laýyk gelýän arassa energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalara maýa goýumlary höweslendirmek boýunça çäreler hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy ony dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi özara maýa goýumlaryň höweslendirilmegini, işewürligi ýöretmek üçin amatly şertleriň döredilmegini, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, gurluşyk, nebit we gaz serişdelerini gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda geljegi uly bilelikdäki işleri öz içine alýar.

Malaýziýanyň paýtagtynda işjeň ýagdaýda geçýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum iki ýurduň wekilleriniň arasynda giňişleýin gepleşikleri geçirmek üçin hem amatly meýdançadyr. Ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşyjylar çäräniň netijeliligine ýokary baha berip, onuň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.