Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy otagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly tegelek stol geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy gurady.

Tegelek stola Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi K.Sabiaşwili, Gruziýanyň Parlamentiniň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler ugurlaryň giň toplumy boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydygy nygtaldy.

Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir milli bähbitlere jogap bermän, eýsem dünýä we sebit derejesinde parahatçylygy döretmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde netijeli gural bolup durýandygyny bellediler.