Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
2025-nji ýylyň 1–3-nji maýynda Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi.
Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, Türkmeniastanyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Çykyşlarda parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda, iki halkyň özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde bu çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna dostlukly halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler.
Açylyş dabarasynyň dowamynda dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasyna halk sazlary, aýdymlar, nusgawy we estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Sazandalar, aýdymçylardyr tansçylar tomaşaçylara milli medeniýetleriň özara baglanyşygyny açyp görkezdiler.
Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat hem geçirildi.
Liwiýadan gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Döredijilik çäresiniň jemleýji gününde Türkmenistanyň we Liwiýanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.