Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Diňe bir serhet howpsuzlygyny berkitmäge däl-de, eýsem sebitara hyzmatdaşlyga we umuman ösüşe ýardam edýän KADAP we BOMKA sebitleýin maksatnamalar barada hem bellenip geçildi.
Şeýle-de taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Straýw Aziýa (STRIVE ASIA) sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek, aýratyn möhüm desgalary goramak meselelerinde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly köpsanly çäreler geçirilen “Merkezi Aziýada hukuk goraýyş işi” boýunça LEICA taslamasynyň (2020-2024) wajyplygy barada bellenip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda Lýuksemburgda kabul edilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Ýol kartasy, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygynda kabul edilen Bilelikdäki beýannama, geçen aýda Samarkantda geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnama ýaly bilelikdäki resminamalaryň wajyplygyny nygtadylar.