Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli depginde ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna seredip geçdiler. Şu jähtden iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitjek özara Medeniýet günleriniň orny aýratyn nygtaldy.

Ilçi, 2025-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň meýilleşdirilendigini aýtdy. Bu şanly senelere bagyşlanyp, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň hem Gruziýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, ylym we döredijilik ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi maksat edinýändigini belledi. Mundan başga-da, Ilçi, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandyklary we onuň awtordaşy bolup çykyş edendikleri üçin gruzin tarapyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

Bulardan başga-da, taraplar Halkara parahatçylyk we yananyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanda we Gruziýada bilelikdäki medeni çäreleri geçirmekligiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

G.Mirshulawa iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ýokary depginini bellemek bilen, geljekde hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygyny mälim etdi.