Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 17-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy.
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.
Aziýanyň ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň makullan 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt hyzmatdaşlyk strategiýasy bellärliklidir. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hökümetiniň bu strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Mundan başga-da, Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömek berýändigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda, aýratyn-da, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady.
Şeýle hem A.Andrisýak Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanýan hem-de halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün gol çekiljek resminamanyň energiýa tygşytlaýjy akylly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara ýetmekde ähmiýetlidigini belläp, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ünsi çekdi we abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nazara alyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň alyp barýan işiniň üstünlikli dowam edýändiginiň netijesidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalar amala aşyrylyp, olaryň ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminama häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylan “akylly” we “ýaşyl” şäher konsepsiýasyna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi we şäher gürluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy we energiýany tygşytlamaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we suwy gaýtadan ulanmaga, agzalan ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerlemeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şeýle hem ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklibini öňe sürdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri aýdylan teklibi oňlady we şu günki gol çekilen resminamanyň beýik maksatlaryň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.