Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady
2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi türkmen halkynyň garaşsyzlygynyň hem-de döwlet bitaraplygynyň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram edýär.
Şeýle-de dabaraly yşyklandyryş Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalarda orun alan 2025-nji ýylyň şygary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Bu dostlukly çäre hem-de Türkmenistanyň halkara arenasynda öňe sürýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň Gruziýa tarapyndan işjeň goldanmagy, doganlyk türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň we däp bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşanydyr.