Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy

photo

2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Asylly däbe görä, belent mertebeli myhmana mongol milli tagamy — gurt hödür edildi we ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden sapar mahaly özi üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.

2-nji iýunda – saparyň ikinji gününde Ulan-Batorda ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleri geçiriler. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy giriziler.

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň oňyn syýasy dialogy yzygiderli ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, biziň ýurtlarymyz birek-birege özara goldaw berýärler.

Şeýle hem hökümetleriň, daşary syýasat edaralarynyň we parlamentleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda bu gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de giňeltmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewürler düzümleriniň ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-mongol işewürler forumy hem muňa ýardam berer.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ylym-bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler, bu ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Munuň özi iki dostlukly ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.