Türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki meseleler, halkara guramalaryň çägindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
***
Soňra Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, slowen wekiliýetine Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen-slowen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhüm meseleleriniň toplumy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm taraplary barada pikir alyşmalar geçirildi.
Diplomatlar köptaraplaýyn formatda, hususan-da, BMG-niň çäginde ýurtlaryň konstruktiw häsiýetli işini bellediler. Bu ugurda taraplar öňe sürülýän halkara başlangyçlara özara goldaw berýärler.
Şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ünsi jemläp, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky özara ygrarlylyk tassyklanyldy.
Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Bu babatda bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Telekommunikasiýa, ulag, maşyn gurluşygy, derman, dokma we himiýa senagaty, innowasion tehnologiýalar, söwda we beýlekiler geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda özara gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.