Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belläp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine iberen mähirli salamyny ýetirdi we ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda hemişe möhüm we ähmiýetli wakadygyny belledi.
Bu duşuşyklarda biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy we halkara meseleler barada pikir alyşýarys. Şeýle dialog ýurtlarymyzyň arasynda ýyl-ýyldan pugtalanyp, täze ugurlary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, dünýä giňişliginde Türkmenistan hem-de Hytaý parahatçylyk, durnuklylyk, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda tagallalary birleşdirýärler. Türkmenistan hytaý tarapynyň öz Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de sebit howpsuzlygy, energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna goldawyna ýokary baha berýär. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Hytaýyň başlangyçlaryny goldaýar.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem söhbetdeşler ýangyç-energetika ugrunyň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan we Hytaý ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.
Si Szinpin Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Şeýle hem söhbetdeşler “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki dostlukly döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy.