Serhetsiz sungat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi we Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň direktory medeni hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar sungatyň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýan teatryň halklaryň taryhynyň we däp dessurlarynyň aýrylmaz bölegidigini, şeýle hem medeni mirasy öňe sürmekde we ony gorap saklamakda jemgyýetiň medeni durmuşynda uly mana eýedigini belläp geçdiler.
Ilçi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreler hakynda G.Tewzadze gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bilelikde medeni çäreleri geçirmegi hem ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň teatrlarynyň arasynda göni aragatnaşygyň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň medeni gatnaşyklaryň giňelmegine hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Saparyň dowamynda Direktor Ilçini teatryň taryhy, onuň alyp barýan işi, döredijilik taslamalary we başlangyçlary, şeýle hem tomaşa zallary bilen tanyşdyrdy.