Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar nebit-gaz we gaz-himiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, elektrik energiýasy, ekologiýa ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.