Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy geçirildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi

Şeýle hem Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini ýene bir gezek mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda parlamentler derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sahiba Gafarowa 2022-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparynyň dowamynda Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Sahiba Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirýändigini belledi we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba Gafarowanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda Aşgabatda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan parlament diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde parlamentara dialogy, gender deňligi, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasy ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.