Türkmenistanyň Prezidenti hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

photo

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de şu saparyň üstünliklere beslenip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşi we ählumumy ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

“Biz diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy goldaýarys. Siziň ýurduňyzyň geografik taýdan ýerleşişi (ada) we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen baglylykda, bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip bilner” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň saparynyň dowamynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşjakdygyny belläp, geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa şu günki gepleşikleriň iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň berk binýadyny döretjekdigine, şeýle hem ählumumy başlangyçlaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.