Türkmen sazandalary Sinandali klassyky saz festiwalyna gatnaşýarlar

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Gruziýada klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.

Festiwal dünýäniň ähli künjeginden klassyky sazyň gadyr-gymmatyny bilýän meşhur kompozitorlary, drižýorlary hem-de ýerine ýetirijileri bir ýere jemlemek bilen, medeniýetara gepleşiklerini we döredijilik tejribesini alyşmakda wajyp meýdança öwrüldi.

9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri orkestr tarapyndan ýerine ýetiriler. 13-nji sentýabrda bolsa festiwal öz tomaşaçylaryna Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder. Konsertiň maksatnamasynda ýurduň baý saz mirasyny suratlandyrýan meşhur türkmen kompozitorlarynyň saz eserleri bolar.

Türkmen sazandalary festiwalyň ýüregi bolan we Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny özara birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestronyň düzüminde çykyş etmek bilen Türkmenistana wekilçilik edýärler. Sinandali festiwaly ýaş ýerine ýetirijiler üçin diňe bir meşhur ussatlardan öwrenmeklige däl, eýsem olaryň öz döredijilik tejribelerini baýlaşdyryp, ussatlygyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Medeniýet ministri T.Ruhadze, Sinandali festiwalynyň Baş direktory D.Sakwarelidze we çäräni gurnaýjylar bilen duşuşyklary geçirdi. Diplomat festiwalyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemeginde ýene bir ädim boljakdygyna, şeýle hem ynsanperwerlik, bilim we medeniýet ugurlarynda özara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.

Ilçi türkmen sazandalary bilen bolan duşuşygynda saz sungatynyň halklaryň arasyndaky ynamy, özara düşünişmekligi we dostlugy berkitmäge ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygyny birleşdirýän wajyp esas bolup durýandygyny belledi. Ol ýaş sazandalaryň festiwaldaky gatnaşygyna uly baha bermek bilen, olara geljekde hem döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Sinandali festiwaly 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli dowam eder.