Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

photo

2025-nji ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine sapary amala aşyrdy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy “Modanyň Arkalaşygy” halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi.

 «Ermitaž» muzeýi bilen tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän gymmatlykdygyny, olarda adamzadyň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygyny belläp, guralan gezelenç üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gaznanyň wise-prezidenti bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşdy.

Soňra ol Tawriçeskiý köşgüne geldi. Köşgüň duşuşyklar otagynda Oguljahan Atabaýewany Ýekaterina Dibrowa mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda ýadygärlik surata düşüldi.

Halkara gaznanyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işine ýokary baha berdi.

Oguljahan Atabaýewa hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga halkara gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, biomedisina tehnologiýalaryny döretmek we iş tejribesine ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat we ynsanperwer gurama hökmünde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermegiň öz wekilçilik edýän düzüminiň esasy maksady bolup durýandygyny nygtap, bu asylly wezipäniň amala aşyrylmagynyň, şol sanda keselleri anyklamak, öňüni almak we bejermek ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydygyna ünsi çekdi.

Ý.Dibrowa iki gaznanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejergi işinde toplan tejribesiniň öňdebaryjy biomedisina tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagynyň çagalaryň saglygyny dikeltmek işine goşant goşjakdygyny nygtady.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gazna bilen bilelikdäki işiň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýola goýlan dialogyň çagalaryň saglygyny goramak ýaly umumy asylly maksadyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşdy.

Sessiýanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin söz berildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wekilçilikli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, sessiýanyň adynyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde saglyk meselesine ünsi çekýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde ýurtda ilatyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işlere umumadamzat ösüş maksatlaryna goşant hökmünde garaýar. Gaznanyň wise-prezidenti ýurtda bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada durup geçdi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi.

Oguljahan Atabaýewa halkara tejribäniň milli derejedäki alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen yzygiderli we uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň 26-syna gol çekildi we olaryň çäklerinde her ýyl dürli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň bu ugurda toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, 10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen foruma işjeň gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň hünärmenlerine minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge ýardam berer.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly, bu gazna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi.

Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Şeýle hem onuň ýanynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň özünde merkezde 900-e golaý çaga bejergi aldy.

Çykyşynyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa gaznanyň hyzmatdaşlyk etmäge, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga açykdygyny aýdyp, özara tagallalar bilen bu maksatlary gazanmaga uly goşant goşup boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy.

D.Gurskaýa Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine uly hormat goýýandygyny, gaznanyň bejergi maksatnamalary we sagaldyş-dikeldiş merkezi ýaly başlangyçlarynyň ruhlandyryjy görelde bolup durýandygyny belledi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin Diana Gurskaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çagalaryň bähbidine alyp barýan yzygiderli işine ýokary baha berdi.

D.Gurskaýa şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini aýtdy.

Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde taryhy işleri bitirýändigini belläp, onuň tejribesiniň dünýä nusgalykdygyny aýtdy hem-de gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Oguljahan Atabaýewa teklibi kabul edip, duşuşmaga ýörite Sankt-Peterburga gelendigi üçin D.Gurskaýa minnetdarlyk bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan ynsanperwer işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy.

«Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan galan çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan ynsanperwer işiniň nusgalykdygyny belledi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu duşuşygyň lukmançylyk kömegine mätäç çagalara goldaw bermäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň işi bilen tanşandygyny belläp, onuň işinde çagalaryň başarnyklaryny durmuşa geçirmäge, olaryň bilim we dynç almagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň guwandyryjydygyny aýtdy.

Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler çagalaryň daýanç-hereket ulgamynyň näsazlyklaryny anyklamak we bejermek boýunça maksatnamalary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler wekilçilik edýän gaznalarynyň maksatlarynyň birdigini aýdyp, birek-birege alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalary goldamak babatda hakyky ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belledi.

Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Walentina Matwiýenko bilen duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy gaznanyň alyp barýan işleri barada aýdyp, soňky ýyllarda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesine lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilendigini belledi. Şeýle hem bu düzüm halkara ynsanperwerlik işine möhüm ähmiýet berýär. Hususan-da, gazna tarapyndan Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we beýleki ýurtlardaky çagalara ynsanperwerlik kömekleri iberildi.

Şunuň bilen birlikde, beýleki ýurtlaryň haýyr-sahawat düzümleri, ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Ilkinji nobatda, inklýuziw bilim, çagalaryň saglygyny goramak, durmuş goldawynyň döwrebap ulgamlary ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribä gyzyklanma bildirilýär.

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň we Russiýanyň ugurdaş edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de bilim we tejribe alyşmagyň russiýaly hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan täze usulyýetleri ornaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

W.Matwiýenko şu duşuşygyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy uzak möhletli esasda mundan beýläk-de ösdürmegi berk maksat edinýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler şu günki gepleşikleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar.

Sergide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerler, brendler we önüm öndürijiler, halkara hyzmatdaşlar moda pudagynda gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Tawriçeskiý köşgünde Russiýa Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň moda görkezilişine tomaşa etdi.

Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş sapary türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.