Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän möhüm halkara çärelerine üns çekdi. Hususan-da, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anyk we maksatlaýyn diplomatik tagallalarynyň netijesinde halkara derejesinde giňden ykrar edildi.

Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da berkitmek, daşary syýasy dialogy giňeltmek hem-de ählumumy parahatçylyk we ösüş ugrunda başlangyçlary ilerletmek boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.

Soňra Ministr «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we Daşary işler ministrliginiň işgärlerine döwlet sylaglaryny we ýadygärlik nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýokary döwlet sylaglaryna Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, şeýle hem Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny ýokarlandyrmaga şahsy goşant goşan türkmen diplomatlary mynasyp boldy.