Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine sapary
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.
Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilýän Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.
Marýam bint Ali Al-Misned Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip gelendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu saparyň iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Doha forumyna gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin katar tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, bu forumyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Marýam bint Ali Al-Misned Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, hususan-da, ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda çaganyň saglygy we terbiýesi bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi. Gaznanyň wise-prezidenti şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, Marýam bint Ali Al-Misnedi bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň zenanlaryň we çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými bilen duşuşdy.
Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, Katar Döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdi hem-de bu duşuşygyň özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny beýan edip, iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ösdürilýän, hususan-da, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa pursatdan peýdalanyp, Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaýmini şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Doha şäherindäki Yslam sungaty muzeýine baryp gördi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, foruma gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň häzirki wagtda tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetini belledi.
Çykyşda çagalar baradaky alada we olary terbiýelemegiň däpleri ata-babalarymyzyň gadymy we baý mirasynyň hem-de halkymyzyň medeni özboluşlylygynyň esasy bölegini düzýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda hem-de ahlak taýdan terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Inklýuziw ynsanperwer kömegini bermek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Türkmenistanda bu ugurdaky döwlet syýasaty hyzmatlaryň elýeterliligini we uýgunlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Hökümeti döwlet we jemgyýetçilik serişdelerine, şol sanda bilime, ykdysady goldawa we hukuk goragyna elýeterliligi üpjün etmek arkaly deň mümkinçilikleri döretmek ugrunda iş alyp barýar. Türkmenistan tarapyndan çagalaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň hukuklary baradaky kanunçylygyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär.
Nygtalyşy ýaly, Gazna ugurdaş düzümler, şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Gaznanyň döredileninden bäri geçen dört ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara kömek we goldaw berildi, şeýle hem ýurdumyzdaky köp sanly howandarlyga mätäç çagalar gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi aldylar.
Çykyşynyň ahyrynda Gaznanyň wise-prezidenti Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde milli maksatnamalaryny halkara borçnamalaryna laýyklykda amala aşyrýandygyny aýtdy.
Oguljahan Atabaýewanyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra mejlis sowal-jogap görnüşinde dowam etdi.
Alypbaryjy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentinden çagalar bilen baglanyşykly haýsy wezipäni Türkmenistan üçin strategik hasaplaýandygyny sorady.
Bu soraga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çykyşda beýan edilen ähli ugurlaryň Türkmenistan üçin strategik häsiýete eýedir, şunuň bilen birlikde, eneligi, çagalygy goramagy we ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladany möhüm ugur hökmünde kesgitleýändigimizi bellemek isleýärin, - diýip jogap berdi.
Döwletiň maddy we intellektual serişdelerini ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki hem-de ruhy ösüşine goldaw bermek üçin ulanmak bilen baglanyşykly berk garaýyşlar aýratyn nygtaldy. Bu maksada ýetmek üçin Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we beýleki halkara institutlar, şeýle hem dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we sebit derejesinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär, - diýip, Oguljahan Atabaýewa jogap berdi.
Soňra alypbaryjy haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri we onuň döredilmeginiň esasy maksady barada has giňişleýin gürrüň bermegi haýyş etdi.
Gaznanyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilendigi bellenildi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň binýady ynsanperwerlik, goldaw bermek we raýdaşlyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýandygy nygtaldy. Haýyr-sahawat gaznasy bu wezipäni ýerine ýetirmekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Gaznamyz bu ugurda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar – diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa saparyň çäklerinde Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater bilen duşuşdy.
Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çagalaryň abadançylygyny we olaryň ösüşinde bilimiň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksadynda Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Gaznanyň wise-prezidenti duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda, şol sanda bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ähli derejelerde bilimi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamyna sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa gaznanyň tejribe alyşmaga we çagalaryň abadançylygy üçin islendik netijeli başlangyçlara açykdygyny tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, katar tarapyny şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata çagyrdy.
Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater çakylyk üçin hoşallyk bildirip, haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işine ýokary baha berdi hem-de şu günki duşuşygyň uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar gaznasynyň başlygynyň orunbasary, Onuň Alyhezreti hanym Şeýha Hind bint Hamad Al Tani bilen duşuşdy.
Hanym Şeýha Hind bint Hamad Al Tani Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, Katarda Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi hem-de türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň bu gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa Katar gaznasynyň bilim ulgamyndaky taslamalaryna ýokary baha berip, bilimiň we ylmyň jemgyýet ösüşiniň esasy binýady bolup durýandygyny, şoňa görä-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurdaky tekliplere açykdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň wekiliýetini şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata çagyrdy.
Katar gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şeýha Hind bint Hamad Al Tani çakylyk üçin hoşallyk bildirip, gender deňliginiň üpjün edilmeginiň durnukly ösýän jemgyýetiň esasy alamatlarynyň biridigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa we Şeýha Hind bint Hamad Al Tani çagalaryň bähbidine netijeli dialogy dowam etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň “Sidra” saglyk merkezine hem baryp gördi.