Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri gepleşikleri geçirdiler
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gazagystan Respublikasynyň Liderini mähirli mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, paýtagtymyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu ýokary wekilçilikli forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagy gazak tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiginiň güwäsidir.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň doganlyk Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň nyşany boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.