Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi. Şeýle hem Jon Riz Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belledi. Myhman pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýakynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýurtda giňden baýram edilendigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sport we syýahatçylyk ulgamlaryna durnukly ösüşiň strategik ugurlary hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubunyň taslamasyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Bu taslama Türkmenistanda golf sportuny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sport infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi.

Jon Riz Türkmenistanda sport ulgamyny, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.