Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryna aýratyn üns berdi.
Ilki bilen, diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikinjiden, duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Üçünjiden, taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar FAO bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary we beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek barada pikir alyşdylar.