Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Gruziýanyň Prezidenti M.Kawelaşwili Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowany kabul etdi.
Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn üns berildi, şeýle hem netijeli halkara başlangyçlaryň yzygiderli özara goldanylýandygy bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygyň we resmi saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde esasy orny eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.