Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri berkitmekde we döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy berkitmekde, açyk gepleşikleri goldamakda we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýadyny döretmekde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ägirt uly ornuny bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda taraplar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bildirdiler.