Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygy Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili we I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynyň direktory M.Getiýa gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar derman senagaty, lukmançylyk barlaglary we saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem dermanlyk ösümliklerini öwrenmek we saglygy goraýyşyň häzirki zaman usullaryna möhüm goşundy hökmünde fitoterapiýany ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Netijeli we howpsuz derman serişdelerini işläp düzmek üçin ösümlikleriň düzümlerini ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Ilçi dermanlyk ösümlikleriň saglyga şypalylygynyň aýratynlyklary, olaryň ylmy we halk lukmançylygynda ulanyşy barada giňişleýin maglumatlary beýan edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 17 jiltli kitaby munuň aýdyň mysalydygyny belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ugurdaş pudaklaryň arasyndaky ylmy-amaly taýdan özaragatnaşyklary berkitmegiň wajyplygyny nygtadylar, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Ilçi institutyň çägine aýlanyp, bu institutyň döwrebap enjamlary, şeýle hem ylmy we barlag işleri bilen tanyşdy.