img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Antalýada Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň CTBTO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, ýadro ýaraglarynyň ýaýramazlygyny gazanmak we ýaragsyzlanmak proseslerini öňe sürmek boýunça halkara tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamanyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy aýratyn bellenildi. Şeýle hem taraplar Şertnamanyň gol çekmek üçin açylanlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda sebit çärelerini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Halkara monitoring ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem milli hünärmenleri taýýarlamak arkaly Türkmenistanyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.