img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy.

​Dabarada çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, milli deňiz pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen, üstaşyr hem-de halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

​«Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi» — diýip, Prezident belledi.

Çykyşyň dowamynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisiniň gury ýükleri daşamaga niýetlenendigi, onuň ýük göterijiliginiň 6 müň 100 tonnadygy, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydygy bellenildi. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar.

Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. 

Dabaranyň dowamynda “Koryo Shipbuilding Industry Technology” kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon Uka çykyş etdi. Myhman “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli hemmeleri gutlady we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de täze gurlan gäminiň ýokary inženerçilik çözgütleri we gurnama işleri üçin berlen halkara güwänamalary gowşurdy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlary tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy hormatly Prezidentimize “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe doly taýýardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gury ýük gämisiniň gurluş aýratynlyklary we onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gäminiň kapitanyny täze gäminiň ýüzüşe goýberilmegi bilen gutlap, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Soňra gäminiň kapitany hormatly Prezidentimizden “Gadamly” ýük gämisini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi. 

Gäminiň kapitany döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen ýörite düwmäni basýar. Gäminiň zogunyň çalynmagy bilen deňizçilik ulgamynyň asylly däbi berjaý edilýär. 

Şeýle hem bu ýerde “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň hormatyna toý sadakasy berildi.