img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, öz gezeginde, Prezident Wladimir Putiniň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini belledi.

2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Prezident Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söwda-ykdysady ugur türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlygyň wajyp bölegi bolup durýar. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Türkmen talyplarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe teklipleri beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.