Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy.
Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bilen garşylady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady.
Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň “Çanakkala” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde Milli Liderimiz bilen duşuşandygyny aýdyp, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny belledi.
Birleşen Patyşalygyň Patyşasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatçy hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişlikde abraýly Lider bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.
Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň “At — myrat” diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi.
Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Birleşen Patyşalygyň Patyşasy şu günki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belläp, munuň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy birek-birege hoşniýetli sözlerini aýdyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.
Bu ýerde Milli Liderimiz Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş boldy. Söhbetdeşlikde Sofi Helen Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny belläp, özüniň hem bedewlere söýgi bilen garaýandygyny beýan etdi. Ol Patyşa maşgalasynda atly sportuň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini, bu däbiň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Şazadanyň maşgalasy dünýäde atçylyk pudagyny ösdürmekde, oňa hemaýatkär bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi.
***
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Şazada Edward tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Milli Liderimiz duşuşykda 1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlendigine ünsi çekdi.
Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. O.Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.
Milli Liderimiz Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.
Şazada Edward Gahryman Arkadagymyz bilen geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyny belledi we munuň üçin hoşallyk bildirdi.
***
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlady.
Milli Liderimiz Windzor galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli sözlerini beýan etdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Windzor galasyndan ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.