Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde saparda boldy.
21-nji maýda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Tawriçeskiý köşgünde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Arkalaşyga agza ýurtlaryň resmi parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýygnanlar GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 2025-nji ýyldaky işiniň netijelerini hem-de gün tertibiniň beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
22-nji maýda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisi geçirildi. Mejlisi GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko açdy. Soňra GDA-nyň Parlamentara Assambleýasyna agza döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň, hyzmatdaş guramalaryň wekiliýet baştutanlarynyň hem-de hormatly myhmanlarynyñ çykyşlary diňlenildi.
D.Gulmanowa öz çykyşynda hemişelik bitarap Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli ulanmaga we GDA agza ýurtlaryň kanun
çykaryjy edaralarynyň arasynda tejribe alşylmagyna uly ähmiýet berýändigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy şu ýylyñ güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe iri möçberli çäreler, şol sanda GDA-nyñ Parlamentara Assambleýasynyñ ugry boýunça guraljak çäreler barada habar berdi. Şu nukdaýnazardan, D.Gulmanowa hormat bilen Parlamentara Assambleýasynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.
Wekiliýetleriniň ýolbaşçylary parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagynyň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine, durnuklylyga hem-de GDA agza döwletleriň yzygiderli ösüşine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuñ bilen baglylykda çykyş edenler Parlamentara Assambleýasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliliginiñ ýokarlandyrylmagy bilen bagly meselelere üns berdiler.
* * *
Mejlisleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa bilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowanyň, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy Marlen Mamataliýewiň, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodanyň, şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiýniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler ýurtlaryň iki taraplaýyn esasda hem-de GDA-nyň çäklerindäki parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine garadylar.
Duşuşyklara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdiler. Hususan-da, W.Matwiýenko Gahryman Arkadagymyzyň gujur-gaýraty, tagallalary we başlangyçlary netijesinde soňky ýyllarda zenanlaryň parlamentarizmine, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine we beýleki derwaýys meseleleriñ çözülmegine täze itergi beren möhüm duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilendigini nygtady.
Parlamentara dialogynyň köpugurly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny nygtaldy. Şeýle hem taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň işine ünsi çekdiler, parlament komitetleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribeleri alyşdylar.