img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

photo

2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jewdet Ýylmaz Türkmenistana her gezek sapar bilen gelende ýurdumyzyň gazanýan ösüşleriniň şaýady bolýandygyny aýdyp, şunda Milli Liderimiziň başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de türk wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli guralýan özara saparlarydyr gepleşikleri döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly goşant goşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna täze itergi berendigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy dürli ugurlarda täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň doganlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.