img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleler toplumy boýunça pikir alşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag we kommunikasiýalar, oba hojalygy, söwda hem-de maýa goýum işjeňligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şu ýyl Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň we Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisiniň geçirilendigi bellenildi. Bu çäreler netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini görkezýär.

Geňeşmeleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ugra hem uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakyn geljekde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan özara ymtylyşy nazara almak bilen, konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

***

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.