BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY

2019-njy ýylyň 17-nji martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Şol gün agşam belent mertebeli myhmanyň rezidensiýasynda onuň Bahreýniň işewürleri bilen duşuşugy geçirildi.

2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Patyşany «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk duşuşuk geçirildi.

Soňra gepleşikler «Soltan Sanjar» zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleri alyşdylar. Sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine gönükdirilen ymtylyş beýan edildi. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly özarahereketlerini beýan etdiler. Taraplar şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ynam bildirdiler. Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Soňra Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagyny - «Bitaraplyk» ordenini gowşurmak dabarasy geçirildi.

Soňra belent mertebeli myhman Gypjaga ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Soňra Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasynyň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini goýdy we Hormatly myhmanlaryň seýligähinde agaç nahalyny oturtdy.

Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.